1/11/2025

40

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Hytaýdan 700 sany täze awtobuslary satyn alar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine 700 sany «Yutong ZK6128HG» kysymly awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo.,Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýolagçylary gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak we hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

2/5/2025

Türkmenistanyň ilçisi «Tabani Group» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi

2/5/2025

1915-nji ýylyň seýrek duş gelýän Cyclone motosikli bu ulaglaryň nyrh rekordyny goýdy

2/5/2025

Türkmenistanyň Etalon merkezi halkara akkreditasiýasyny giňeltdi