7/3/2025

102

Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenkony Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem iki halkyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

7/30/2025

Günbatar Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy gurulýar

7/30/2025

Türkmenistanda giriş synaglary başlandy

7/30/2025

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar