1/10/2025

138

Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki awtoulag geçiriş nokadyny döwrebaplaşdyrýar

2025-nji ýylda Gazagystan üç döwlet bilen - Türkmenistan, Özbegistan we Hytaý bilen serhetdäki dokuz awtoulag geçiriş nokadyny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär – diýip, Gazagystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär. «Gazagystanda awtoulag geçiriş nokatlarynyň giňişleýin döwrebaplaşdyrylmagy dowam edýär. Häzirki wagtda Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetdäki jemi 9 sany gözegçilik-geçiriş nokady täzelendi» - diýip, habarda bellenilýär. Ýurduň ministrler kabineti tarapyndan berilýän maglumatlara görä, meýilleşdirilen işleriň çäklerinde gije-gündizde geçiriş kuwwatynyň 6 esse, ortaça 170-den 960 ulag serişdesine çenli artmagy, şeýle hem serhetden geçiş wagtyny 30 minuda çenli gysgaltmak göz öňünde tutulýar.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar