8/7/2025
48
Gurbanguly Berdimuhamedow we Konstantin Kosaçýow türkmen-rus parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine garadylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy diýip, TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag myhmany türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, oňa Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Myhman bu ýerde türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylandyklary hem-de halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň iberen salamyny we aýdan hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Konstantin Kosaçýow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara maslahatyň çäklerinde guralan Parlament forumynda degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalandygyny nygtady. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ähmiýetlidigi nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadag we russiýaly myhman iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.