9/4/2025
563
Ispaniýada täze ýol belgisi peýda boldy
Ispaniýanyň häkimiýetleri ýokary tizlikde hereket edilýän gara ýollarda täze belgini oturdyp başladylar. Ol sürüjilere gara ýolda awtoulaglaryň aralygyny yzarlaýan radaryň işleýändigini duýdurýar. Eger sürüji kesgitlenen kadalary berjaý etmese, oňa 200 ýewro jerime ýa-da 4 baldan mahrum bolmak garaşýar (Ispaniýada sürüjilik şahadatnamasy berlende, 8-12 bal bellenýär, ulagy oňat dolandyrandygy üçin olaryň sany köpeldilýär, düzgün bozma üçin azaldylýar, eger ballar 0-a ýetse, şahadatnama yzyna alynýar). Kabul edilen düzgünlere laýyklykda, iki ulag serişdesiniň arasyndaky iň az howpsuz aralyk awtomagistrallarda we iki taraplaýyn hereketli ýollarda 70 metre deň bolmaly. Indi ol awtomatik usulda yzarlanýar. «La Razon» gazetiniň ýazmagyna görä, täze ýol belgisi sürüjileri beýleki belgilerden has beter azaşdyrýar. Awtoulag eýeleri ulaglaryň gysby akymynda nädip aralygy hasaplap boljakdygyny sorap, nägilelik bildirýärler. Ýol hereketiniň baş edarasynda jogap ýerine täze belginiň ýol-ulag hadysalarynyň has köp bolýan etraplarynda oturdylýandygyny aýdýarlar. Radarlaryň peýdalanmagy ol ýerlerde heläkçilikleriň azaldylmagyna ýardam eder.