5/6/2025

34

Deňiz logistikasy iki konturly bolar: ABŞ we dünýäniň galan ýurtlary üçin

ABŞ-nyň söwda wekiliniň edarasy Hytaýyň kompaniýalarynyň eýeçiligindäki we/ýa-da işledýän gämileri hem-de Hytaýda gurlan gämiler üçin täze port ýygymlaryna degişli karary çap etdi. Mundan başga-da, ABŞ-dan daşarda gurlan ähli awtoulag daşaýjy gämiler üçin ýygymlar girizilýär. Geljekde gaz daşaýjy tankerler üçin hem şuňa meňzeş ýygym giriziler. Ýygymlar baradaky karar kabul edilenden 180 gün soňra, ýagny şu ýylyň oktýabr aýyndan başlap ol güýje girer. Öňden meýilleşdirilen gäminiň gireni üçin kesgitli töleg möçberi, gäminiň tutumyndan hasaplanylýan ýygym bilen çalşyrylar. Kiçi gämiler tölegden boşadylar (konteýner gämileri üçin bu çäk 4 müň TEU derejede bellenildi). 2 müň km-den az bolan gysga ugurlar boýunça işleýän gämiler we ABŞ-nyň kompaniýalaryna we raýatlaryna degişli bolan gämiler hem ýygymlardan boşadylar. Resminama operator tarapyndan gämi berlenden soň ABŞ-nyň werfi üçin gämi gurluşygy boýunça sargyt ýerleşdirilen ýagdaýynda, üç ýyla çenli döwür üçin tölenen ýygymlaryň öwezini dolmaklygy göz öňünde tutýar. Ähtimal, häzir dünýä deňiz logistikasynyň iki konturly modele öwrüljekdigine garaşmaly bolýar: deňiz ýük gämileri we dünýäniň esasy ekspeditorlary ugurlary gurmaga we täze şertleri hasaba alyp, ABŞ-a we dünýäniň beýleki portlaryna ýük daşamalary üçin gämilerini kärendesine bermäge başlarlar. Täze gämileriň gurluşygyna sargytlara hem täzeden garalar.

5/31/2025

Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

5/31/2025

Jorja Meloni Türkmenistanyň Prezidentini Italiýa sapar bilen çagyrdy

5/31/2025

Türkmenistan tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýär