7/29/2025

20

Gökdepe şaýolunyň hem-de Keýmir kör şaýolunyň degişli bölekleri açylyp ulanylmaga berilýär

30-njy iýulda Gökdepe şaýolunyň hem-de Arkadag şäheriniň Keýmir kör şaýolunyň degişli bölekleri we olaryň birigýän ýerinde gurlan täze köpzolakly köpri açylyp ulanylmaga berilýär. Degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti, Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan berlen bildirişde şeýle diýilýär: «Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, raýatlara we ýolagçylara has amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýollaryň durky täzelenip döwrebaplaşdyrylýar. Durky täzelenen Gökdepe şaýolunyň hem-de Arkadag şäheriniň Keýmir kör şaýolunyň degişli bölekleriniň we olaryň birigýän ýerinde gurlan täze köpzolakly köpriniň 2025-nji ýylyň 30-njy iýulynda açylyp ulanmaga berilýändigini mälim edýäris».

8/1/2025

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

8/1/2025

1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobus ugurlary üýtgediler

7/31/2025

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi