6/30/2025

21

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny gutlady

Türkmenistanda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy dabaraly bellenilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ähli ýaşaýjylaryna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi. «Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen bu şäher Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, ägirt uly ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriň biri bolan Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkitmekde, halkymyzy täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda nygtaýar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurduň okgunly ösüşleriniň hem-de täze taryhy döwrüniň nyşany bolan Arkadag şäheri türkmen halkynyň şu günki hem-de geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen innowasion taslamadyr. Ol dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär. Şäherde gurlan ähli binalar we desgalar, ilata hödürlenilýän hyzmatlar, onuň ekologiýa derejesi häzirki zamanyň ýokary talaplaryna hem-de halkara tejribelere laýyk gelýär. «Arkadag şäheri döwrebap şähergurluşyk keşbi, innowasion mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döredýär. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesini göterýän bu şäher Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygyny äleme äşgär edýär. Bu ýerde halkara forumlaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, iri medeni çäreleriň ençemesiniň geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Biz gözelligi we döwrebaplygy bilen ata Watanymyzyň şanyna şan goşýan bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda hem halkymyzyň bähbidine belent maksatly işleri amala aşyrarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda ýazýar.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy