6/10/2025

57

Türkmenistan ABŞ-nyň işewür düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem söhbetdeşler kiberhowpsuzlyk, ýaşyl tehnologiýalar we bilim ýaly möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň işine we onuň döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns berildi. Ministr R.Meredow Türkmenistanyň Hökümetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür düzümleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi. Şunda, amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny ösdürmäge goşan köpýyllyk oňyn goşandy bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy