6/20/2025

45

Aşgabatda 23-nji iýundan başlap dört awtobus ugrunyň gatnajak ýoly üýtgedilýär

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň garamagyndaky Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna degişli bolan 100-nji “Teke bazar – Arkadag şäheri” awtobus ugruna raýatlaryň tomus dynç alyş möwsüminde “Tebigatyň janly muzeýine” bökdençsiz barmaklaryny gazanmak maksady bilen 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 23-den üýtgeşme girizilýändigini Size habar berýäris. 97-nji “Büzmeýin – Täze zaman” awtobus ugruna 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 27-den üýtgeşme girizilip “Büzmeýin” bellige alyş nokadyna çenli, ugryň dowamyny bolsa 85-nji “Büzmeýin – Güneş” hem-de 86-njy “Büzmeýin – Köpugurly hassahana” ugurlarynyň hyzmatlaryndan Ahal köçä çenli peýdalanyp biljekdikdigiňizi mälim edýäris. Şeýle-hem “Bagyr – Büzmeýin” ugrunyň açylmagy bilen 63-nji “Teke bazar – Büzmeýin” awtobus ugruny Gökje ýaşaýyş toplumyna çenli üýtgeýändigi sebäpli, ugruň ady üýtgedilip 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 07-den “Büzmeýin – Bagyr” awtobus ugry diýip atlandyrylar, 4-nji “Arzuw – Ýalkym” awtobus ugruna üýtgeşme girizip Gökje ýaşaýyş toplumynyň Güneş köçesi bilen A.Ataýew köçesinden Gökje – Bagyr aýlawyndan gündogarlygyna öz gatnaw hereketini dowam etdiriler.

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek baradaky Karara gol çekdi

6/21/2025

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

6/21/2025

Türkmenistanyň Prezidenti kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady