9/4/2025
554
Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy
24 — 30-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň wekilleri Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşdyryş okuw saparynda boldular. Çäre «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly Sebitleýin taslamanyň çäklerinde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan guraldy. Iş saparynyň maksady logistika we üpjünçilik zynjyrlaryny dolandyrmak boýunça Germaniýanyň tejribesini öwrenmekden ybarat boldy. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde öňdebaryjy kompaniýalar bilen tanyşlyk guraldy. Hususan-da, «Rhenus Group» kompaniýasynda «AutoStore» ulgamlarynyň, awtonom mobil robotlaryň, awtomatlaşdyrylan ulaglaryň ornaşdyrylyşy we «geljegiň ammary» konsepsiýasy bilen tanyşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berildi. «Henkel HCB Logistics» kompaniýasy bolsa «AGV» tehnologiýalaryny we 100 göterim täzelenýän energiýany ulanýan paýlaýyş ulgamy bilen tanyşdyrdy. Mundan başga-da, gatnaşyjylar «DHL Innovation Center» (Bonn ş.), «Pfenning Logistics», «Emons company», «BLG Logistics» we «Am Zehnhoff-Söns» ýaly kompaniýalarda häzirki zaman ammar dolandyryş tejribeleri, multimodal logistika we durnukly ösüş çözgütleri bilen tanyşdylar. Saparyň dowamynda sanlylaşdyrma, awtomatlaşdyrma we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylyşyna aýratyn üns berildi. Türkmen wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy diňe bir Germaniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga däl, eýsem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berdi diýlip, habarda bellenilýär.