10/29/2024

102

«Türkmenawtoulaglary» agentligi awtoulag önümçilik birleşigini ýaglar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

«Türkmenawtoulaglary» agentligi öz awtoulag önümçilik birleşigini hereketlendiriji we herekete geçiriji ýaglaryny üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige önüm öndürijiler we olaryň resmi dilerleri gatnaşmaklyga çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy we bellige alnan ýurdy görkezilen ýazmaça görnüşindäki arza bermeli. Arza berlenden soň gatnaşyjylara ýerli kompaniýalar üçin 700 manat ýa-da daşary ýurt gatnaşyjylary üçin 200 amerikan dollary möçberindäki bäsleşik ýygymyny geçirmek üçin hasaplaşyk rekwizitlerini, şeýle hem tehniki tabşyryk alarlar. Bäsleşik tekliplerini möhürli we ýapyk bukjada şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 126. Teklipleri kabul etmegiň möhleti bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüdir, bäsleşigiň soňky güni sagat 12:00 çenli kabul edilýär. Tekliplere garamak işine bäsleşik ýygymynyň buýrujynyň hasabyna gelip gowşandan soň başlanar. Goşmaça maglumatlary şu telefon belgilerine jaň edip alyp bolar: 39-03-90, 39-03-40.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy