
8/6/2025
56
Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşewi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, myhman mähirli kabul edilendigi hem-de halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, oňa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygy bellenildi. Ikitaraplaýyn döwletara dialog hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribesine, berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Syýasy dialog, şol sanda ýokary derejedäki köpugurly hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Häzirki günde iki ýurt diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn formatlarda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. BMG, GDA ýaly ählumumy we sebit guramalarynyň çäklerinde, şeýle-de Hazarýaka hyzmatdaşlyk boýunça öňe sürülýän halkara başlangyçlardyr teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Söhbetdeşler ulag, energetika, senagat we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda oňyn netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryna girýär. Şunda ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşewe berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.