12/2/2024
52
«BYD» kompaniýasy elektromobilleriniň satuwy boýunça rekord netije görkezdi
«BYD» autoulag kompaniýasy täsirli ösüşleri gazanýandygyny görkezdi. Şu ýylyň noýabr aýynda kompaniýa 506 804 ulag satmagy başardy, bu geçen ýylyň degişli döwürdäki görkezijisinden 67,87% ýokarydyr. Bu barada auto.ru saýty habar berýär. Satuwlar boýunça geçirilen jikme-jik seljermeler esasy möçberiň ýeňil awtomobilleriň 504 003 birliginiň düzendigini görkezýär, bu bolsa ýyllyk hasaplamada 67,23% ösüşe eýe bolandygyny aňladýar. Gibrid (garyşyk) hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwlarynyň sekiz aýdan bäri birinji gezek oktýabr aýy bilen deňeşdirilende 1,6% pese gaçandygyny görkezendigi bellärliklidir. «BYD» kompaniýasynyň täjirçilik bölümi hem depginli ösüşi görkezýär. Noýabrda 2 801 sany täjirçilik ulag serişdesi satyldy, bu geçen ýylyň görkezijisinden 433,52% köpdür we oktýabryň görkezijisinden 31,44% ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, halkara bazarynda uly bolmadyk netijeleriň bolandygy bellenmelidir. Hytaýdan daşarda kompaniýa 30 977 elektrik we gibrid hereketlendirijili awtoulagy satdy, bu bolsa geçen ýylyň noýabr aýynyň görkezijisinden bary-ýogy 1,14% ýokarydyr, 2024-nji ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende bolsa ol 0,69% pesdir.