7/28/2025
80
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ösüşi boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH ýazýar. Bellenilişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda D.Orazow döwlet derejesinde berilýän goldawlar we degerli maslahatlar üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle-de ol häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnama, olaryň dowamynda ýerine ýetirilýän işleriň gidişi, gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary, olaryň hil derejesi barada maglumat berdi. Gahryman Arkadag şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň abadanlaşdyrylyşyna, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidigini belledi. Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gökdepe şaýolunyň ugrunda bina edilen köpzolakly awtomobil köprüsiniň sähetli gün açylmagyna ak pata berendigi üçin täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde Arkadag şäherinde ýol-ulag düzümine degişli desganyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk we beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häkim Arkadag şäheriniň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň guramaçylyk derejesi, açylyş dabarasynyň maksatnamasy hakynda aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtda tutumly toýlaryň dabarasynyň belentden tutulýandygyny belläp, ýol-ulag düzüminiň möhüm desgasynyň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk däpleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. «Çünki türkmen halky bina galdyrmak, ýol çekmek we köpri gurmak ýaly sogap işlere aýratyn gadyr goýýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilmelidir» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.