8/6/2024

178

Ýylyň birinji ýarymy: «Türkmenawtoulaglary» agentligi ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnamasyny 105,2% ýerine ýetirdi

Ýolagçy gatnatmak boýunça şu ýylyň birinji ýarymynyň görkezijileri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň netijeli işiniň beýanydyr. Agentlik 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 122 million 362 müň 300 ýolagçyny gatnadyp, öňde goýlan meýilnamany 105,2% ýerine ýetirdi. Ýeri gelende ýatlasak, bu ugurda 2023-nji ýylyň netijesi 118 million 533 müň 600 ýolagçy bolupdy. Görşümiz ýaly, netijeler 3 million 828 müň 700 ýolagçynyň artyk gatnadylandygyny mälim edýär. Bu bolsa 103,2% netijäniň gazanylandygynyň nyşanydyr. Ýylyň birinji ýarymynda ýolagçy dolanyşygy 1 milliard 101 million 912 müň ýolagçy/kilometr bolup, meýilnama 107,6% amal edildi. Munuň özi geçen ýylyň görkezijisinden 36 million 106 müň ýolagçy/kilometr artyk bolup, ösüş 103,4% boldy. Geçen ýylyň birinji ýarymynda 1 milliard 65 million 806 müň ýolagçy/kilometrlik netije görkezilipdi.

9/20/2024

Türkmenistan «Huawei Connect 2024» halkara forumyna gatnaşýar

9/20/2024

Türkmenistan we «Huawei»-niň arasynda sanly ulgam boýunça pikir alyşyldy

9/20/2024

Serdar Berdimuhamedow Alžiriň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady