5/17/2025

269

Hyundai kompaniýasy Saud Arabystanynda zawod gurýar

Hyundai we Saud Arabystanyň wekilleri koreý kompaniýasynyň Ýakyn Gündogardaky ilkinji zawodynyň düýbüni tutmak dabarasyny geçirdiler. Hyundai Motor Saudi Arabia kärhanasy Şa Salman adyndaky awtoulag senagat toplumynda ýerleşer. Gurluşyk Saud Arabystanynyň Döwlet Maýa goýum gaznasy (PIF) bilen bilelikdäki kärhana şertlerinde alnyp barylýar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin HMME bilelikdäki önümçilik kärhanasy döredildi, onda Hyundai Motor paýlaryň 30% göterimine, Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy bolsa 70% göterime eýedir. Geljekki zawodyň kuwwaty ýylda 50 000 awtomobil öndürmäge mümkinçilik berer. Onuň işe girizilmegi 2026-njy ýylyň dördünji çärýeginde meýilleşdirilýär. Ozalky aýdylanlara görä, Koreýanyň esasy awtomobil öndürijisiniň 2032-nji ýyla çenli Hyundai kompaniýasynyň elektrik awtomobilleriniň Ýakyn Gündogardaky satuwlarynyň paýy 15% göterimden geçmelidir.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy