6/27/2025

45

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherindäki Türkmenistanyň ilçihanasy şäheriň merkeziniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny geçirdi. Bu çärä halkara guramalaryň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, belli ýazyjylar we şahyrlar, jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Ankarada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar — diýip, ilçihananyň metbugat gullugy habar berýär. Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M. Işangulyýew beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň ösüşindäki ornuny aýratyn belledi we halkara derejede yglan edilen Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çäreler barada ýygnananlara maglumat berdi. Çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň garaşsyz döwletde erkin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky arzuwlarynyň häzirki wagtda ýurduň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde hakykata öwrülendigini nygtadylar.

7/1/2025

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisini kabul etdi

7/1/2025

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ýurduň welaýatlaryndaky şahamçalarynyň täze desgalary açyldy

6/30/2025

Gazagystan bilen serhetde barlag-gözegçilik işleri güýçlendirildi