8/8/2025

16

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň maslahatynyň çäklerindäki Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynda çykyş etdi

Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, forumda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem çykyş etdi. «Maşgala gymmatlyklary diňe bir ýakyn adamlary baglanyşdyrýan kadalar bolman, eýsem, terbiýäniň hem esasyny düzýär. Bu gymmatlyklar adamy şahsyýet hökmünde kemala getirmekde möhüm orun eýeläp, maşgalany we, umuman, jemgyýeti pugtalandyrmaga ýardam berýär» diýip, gaznanyň wise-prezidenti aýtdy we Türkmenistanda zenanlaryň ähli ulgamlarda, şol sanda ylymda, bilimde, medeniýetde we hususy pudakda zähmet çekýändiklerini, şeýle hem döwlet häkimiýeti edaralarynda ýolbaşçy wezipelerde işleýändiklerini belledi. Oguljahan Atabaýewa çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde bu gazna barada hem gürrüň berdi. Şunda gaznanyň esaslandyrylmagyna 4 ýyl bolandygy, şu döwrüň içinde onuň köp sanly haýyr-sahawat çärelerini, şol sanda 500-den gowrak neýrohirurgik, ortopedik, kardiohirurgik operasiýalary maliýeleşdirendigi bellenildi. Oguljahan Atabaýewa gazna tarapyndan alnyp barylýan işlerde lukmançylygyň iň döwrebap usullaryny peýdalanmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de çaga lukmançylygy ulgamyndaky dünýä tejribesini ornaşdyrmaga çalşylýandygyny nygtady. «Biz öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de alyşmak üçin halkara hyzmatdaşlygyna açykdyrys. Sagdyn nesli kemala getirmek üçin zenanlara, olaryň beden we ruhy saglygyna aýratyn üns bermek, şeýle hem olaryň ukyp-başarnyklaryny açmaklary üçin şertleri döretmek zerurdyr. Eneligi we çagalygy goramak, maşgala gymmatlyklaryny berkarar etmek, zenanlaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip, O.Atabaýewa aýtdy we Türkmenistanyň kanunçylygynda köp çagaly maşgalalara durmuş goldawynyň göz öňünde tutulýandygyny, zenanlaryň hukuklarynyň kepillendirilýändigini aýratyn belledi. Şeýle-de haýyr-sahawat gaznasynyň zenanlaryň we çagalaryň bähbidine ähli möhüm we peýdaly ynsanperwer taslamalara işjeň gatnaşmaga çalyşýandygy, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen saglygy goraýyş, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin açykdygy barada aýdyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öz çykyşyny Tereza enäniň: «Zenanlar öýüň ýüregidir. Geliň, biziň — zenanlaryň durmuşynyň esasy manysyna, ýagny söýmek, söýülmek we söýgi arkaly tutuş dünýäde parahatçylyk dörediji bolmalydygymyza düşünmek üçin bilelikde doga-dileg edeliň!» diýen jümlesi bilen tamamlady.

8/8/2025

Türkmenistan bilen Awstriýa ýük daşamalaryny Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar

8/8/2025

Oguljahan Atabaýewa Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

8/8/2025

R.Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bilen duşuşdy