10/29/2024
16
Awtoulag bilen ýük daşamalaryna bolan isleg barha artýar
Soňky döwürde Hytaýdan Russiýa awtoulag bilen ýük daşamak baradaky ýüz tutmalaryň sany ep-esli artdy. «TransGID» ulag-logistika kompaniýasynyň baş direktory Kseniýa Çernikowa «SeaNews» neşirine müşderileriň demir ýol ulagyndan awtoulaga geçmäge näme mejbur edýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Soňky aýlarda Hytaýdan awtoulag bilen ýük daşamalaryň has-da köp islenýändigini görýäris. Biziň syn edişimize görä, sentýabrda Uzak Gündogaryň awtoulag geçelgelerinden girýän ýük akymy geçen ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 15% artdy. Bu düşnükli zat: Aziýa ýurtlaryndan import eksportdan ep-esli artdy, bu bolsa fiting platformalarynyň ýetmezçiligine we deňiz terminallarynda artykmaç ýükleriň toplanmagyna getirdi. Biziň bahalandyrmamyza görä, reýde garaşmak wagty soňky birnäçe aýda iki esseden hem köp artdy. Uzak Gündogardaky demir ýoluna hem aşa agram düşýär, we görşümiz ýaly, ýakyn wagtda ýagdaý gowulaşmajaga meňzeýär. BAM-yň we Trans-Sibir demir ýolunyň geçirijilik ukyby, aýratyn-da adaty islegiň artýan Täze ýyl möwsümi golaýlaşdygyça, çäkden çykmanyň bäri ýanynda dur. Biz bazarda bolup geçýän üýtgeşmeleri uzak wagtdan bäri syn edýäris we ýylyň başynda awtoulag bilen ýük daşamalaryň ugruny güýçlendirmek kararyna geldik. Bu dogry ädim boldy. Häzirki wagtda Hytaýdan gönüden-göni awtoulaglar bilen ýük daşamak baradaky ýüz tutmalar has-da köpelýär. Awtoulag gatnawlary has takyk gowşuryş möhletlerini üpjün edýär, şunda iň möhüm bellemeli zat, esasy serhet geçelgeleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň netijesinde bu gatnawlar öňünden has takyk çaklamaga mümkinçilik berdi. Mysal üçin, häzirki wagtda ähli ýük awtoulaglarynyň 40%-e golaýy «Zabaýkalskiý» halkara awtoulag geçiriş nokadyndan geçýär, ol döwrebaplaşdyrylandan soň bu geçelgäniň geçirijilik ukyby iki esse diýen ýaly artdy. Indi ol gije-gündiz işleýär, bu bolsa ýükleri serhetden has çalt geçirmäge we günde 300-e çenli awtoulaga hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Bu 1,5 ýyl mundan öňki ýagdaý bilen deňeşdirilende uly öňe gidişlikdir. Mundan başga-da, «Pograniçnyý-Suýfenhe» we Blagoweşensk-Heýhe köprüsi ýaly geçelgeler hem döwrebaplaşdyryldy, bu bolsa ulag akymyny ep-esli çaltlaşdyrdy. Awtoulag daşamalarynyň ösüş meýliniň ýakyn ýyllarda dowam etjekdigine ynanýarys.