5/17/2025

226

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH ýazýar. Bellenilişi ýaly, Prezident Wladimir Putin «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum2025» XVI halkara ykdysady forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşandygy üçin Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadag Prezident Wladimir Putini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlap, Kazanda geçirilýän foruma gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk, ynanyşmakwe özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýangatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, işjeň döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Ýurtlar sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy