8/8/2025

9

R.Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bilen duşuşdy

7-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaýmyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň wekiliýetiniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Wekiliýetiň LLDC3-e gatnaşmagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenildi. Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň dowamynda syýasy geňeşmeleri geçirmäge gyzyklanma bildirildi. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän goşmaça meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

8/8/2025

Türkmenistan bilen Awstriýa ýük daşamalaryny Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar

8/8/2025

Oguljahan Atabaýewa Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

8/8/2025

R.Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary bilen duşuşdy