10/30/2024

109

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrýar. Kompaniýanyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, 23-nji noýabrdan «Belawiýanyň» uçary Minsk — Türkmenbaşy ugrunda hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günlerinde uçuşlary amala aşyrar. Iş tertibine görä, şenbe güni uçar Minskden sagat 9:30-da uçup, ýerli wagt bilen 15:35-de Türkmenbaşy şäherine geler. Sişenbe güni uçar Belarusyň paýtagtyndan 22:45-de ugur alar we ertesi gün 04:50-de Türkmenbaşy şäherine geler. Uçuşlar «Embraer-195» uçarynda amala aşyrylar we uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minut bolar. Ýolagçylar petekleriň bahasy barada howa gatnawçysynyň resmi web sahypasyndan maglumat alyp bilerler.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy