4/3/2025

42

Bakuda «TransLogistica Caspian» sergisi geçiriler

2025-nji ýylyň 2-4-nji iýun aralygynda Bakuwyň Ekspo merkezinde «TransLogistica Caspian» sergisi geçiriler. Trend neşiriniň habar berşi ýaly, 22-nji Hazar halkara «Ulag, Üstaşyr we Logistika» «TransLogistica Caspian» sergisi ulag ugry boýunça häzirki zaman çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak we tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança bolup durýar. Bu çäre logistika we ulag pudagyndaky iň möhüm sergileriň biri hasaplanýar we Ýewraziýa sebitinden bu pudagyň hünärmenlerini bir ýere jemleýär. Dünýä logistika ýollarynyň üýtgeýän we bäsdeşligiň güýçlenýän şertlerinde «TransLogistica Caspian» sergisine gatnaşmak, bu pudakda öňdebaryjy bolmaga ymtylýan kompaniýalar üçin möhüm ädim bolýar. Bu sergi halkara ulag geçelgelerine goşulmak üçin täze mümkinçilikleri açýar, hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin meýdança bilen üpjün edýär we «Orta geçelge», TRACECA we «Bir guşak, bir ýol» başlangyçlarynyň çäklerinde işewürligi ösdürmek üçin aýratyn şertleri döredýär. «TransLogistica Caspian» sergisine Azerbaýjan Respublikasynyň sanly ösüş we ulag ministrligi, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti, Azerbaýjan Respublikasynyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek baradaky agentligi (KOBIA), Azerbaýjan Respublikasynyň eksporty we maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky agentligi (AZPROMO), Azerbaýjan Respublikasynyň telekeçileriň (iş berijileriň) guramalarynyň milli konfederasiýasy, TRACECA-nyň hökümetara komissiýasynyň hemişelik sekretariaty we Azerbaýjanyň sergileri guraýjylaryň birleşmesi goldaw berýärler. Çäräniň hemaýatkäri «Railgo» kompaniýasydyr. 2025-nji ýylda geçiriljek çäreleriň resmi hyzmatdaşlary «AzExpoMontage» JÇJ, «Caspian Freight Services», «Atəşgah» ätiýaçlandyryş kompaniýasy, «Hyatt Regency Baku», «Ibis Baku City», «Radisson Hotel Baku», «Gloria Flowers» we «Greenwich Travel Club» bolarlar.

6/4/2025

Russiýanyň Ulag ministrligi elektron nobat ulgamynyň ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirýär

6/4/2025

Gazagystan bilen Gyrgyz Respublikasynyň ýük daşaýjylary Russiýanyň bazaryna Hytaýdan has uly howp salýar

6/4/2025

Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza — dostluk mekany» atly halkara festiwala gatnaşyjylary gutlady