7/30/2025

16

Türkmenistanyň diplomaty GDA-nyň agza döwletleriniň Baş prokurorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

29-njy iýulda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew bilen GDA-nyň agza döwletleriniň Baş prokurorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji sekretary Ý.Ždanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşykda GDA agza ýurtlaryň hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, GDA ýurtlarynyň Baş prokuraturalarynyň arasynda özara gatnaşyklar üçin meýilleşdirilýän duşuşyklary guramak we geçirmek, şol sanda şu ýylyň güýzünde geçiriljek Baş prokurorlar geňeşiniň mejlisi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä taýýarlyk görmek üçin 2025-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Moskwada GDA agza ýurtlaryň halkara hyzmatdaşlygyna jogapkär prokurorlarynyň orunbasarlarynyň duşuşygy geçiriler.

8/1/2025

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

8/1/2025

1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobus ugurlary üýtgediler

7/31/2025

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi