11/20/2024
9
«Tesla» maşgalada ulanmak üçin elektromobili öndürmegi meýilleşdirýär
Amerikan elektromobil öndürijisi «Tesla» bu kompaniýanyň taryhynda iň giň göwrümli bolup biljek täze öňdebaryjy awtoulagy döretmegiň üstünde iş alyp barýar. «Teslarati» neşiri kompaniýanyň baş direktory Ilon Maskyň soňky eden beýanatlaryna esaslanmak bilen, şu netijä gelipdir – diýip, auto.ru saýty ýazýar. Uly göwrümli modeliň işlenip düzülýändigi baradaky maglumat Ilon Maskyň X sosial ulgamyndaky teswirleriň tapgyry çykandan soň peýda boldy. Hususan-da, ol Tesla elektromobiliniň eýesiniň ýedi çagaly uly maşgalasynyň suratyny ýerleşdirip, ýazan ýüzlenmesine jogap berdi. Şunuň ýaly uly göwrümli awtoulagyň döredilmegi baradaky haýyşa jogap hökmünde kompaniýanyň baştutany şunuň ýaly taslamalaryň birnäçesiniň eýýäm işlenip düzülýändigini tassyklapdyr. Deslapky maglumatlara görä, täze elektromobil häzirki ulag kysymynyň esasy modeli bolan Model X-den ölçegleri boýunça has uly bolar. Şol bir wagtyň özünde, Tesla diňe maşgala segmenti bilen çäklenmezligi niýet edinýär: kompaniýa eýýäm Cybercab awtopilot taksisi bilen bilelikde görkezilen Robovan awtonom mikroawtobusyny öndürjekdigini yglan etdi. Emma, Maskyň kakdyryp aýdan sözlerine görä, uly göwrümli elektromobilleriň hatary has-da giňeldiler.