6/28/2025

96

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda birnäçe Karara gol çekdi. Olara laýyklykda: Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy; Şeýle-de Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrowy Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory wezipesine bellemek hakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň çykaran karary makullanyldy; Handurdy Şadurdyýewiç Handurdyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy hem-de ony Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellemek hakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň çykaran degişli karary makullanyldy. Şeýle-de Aýmyrat Babamyrat ogly Muhammedow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy hem-de ony Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellemek hakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň çykaran degişli karary makullanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde gol çeken degişli Permany bilen, ýurtda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilýändigini habar beripdik.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy