9/7/2024

95

Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna badalga berler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün --- 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanyna möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna girişmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini belledi. Döwlet Baştutany bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurduň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hormatly ýaşululardan pagta ýygymyna “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edýändigini aýtdy.

5/31/2025

Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

5/31/2025

Jorja Meloni Türkmenistanyň Prezidentini Italiýa sapar bilen çagyrdy

5/31/2025

Türkmenistan tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýär