6/30/2025

18

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen hem duşuşdy. Bu barada TDH ýazýar. Bellenilişi ýaly, işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, ata Watan Türkmenistana gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagy doglan güni we Arkadag şäheriniň iki ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi. Ol Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi we munuň üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Gahryman Arkadag hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini aýtdy. Milli Lider bu duşuşygyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmaga we ony ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda hususy pudakda netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, kompaniýanyň işine ýokary baha berdi we toplanan oňyn netijäni nazara almak bilen, ýurduň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Işewür bildirilýän ýokary ynam, şeýle hem Türkmenistanda işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler we şertler üçin hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy

7/1/2025

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisini kabul etdi

7/1/2025

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ýurduň welaýatlaryndaky şahamçalarynyň täze desgalary açyldy