9/2/2024

171

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary söwdasynyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça hünärmenleriň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça hünärmenleriň iş duşuşygy geçirildi. Çäre, Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň edara binasynda bolup geçdi. Iş duşuşygynyň dowamynda, taraplar harytlaryň daşary söwdasynda gümrük statistiki maglumatlaryň emele gelişiniň usulyýetini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de 2023-nji ýylyň jemi boýunça «Türkmenistanyň importy-Özbegistanyň eksporty» we «Özbegistanyň importy – Türkmenistanyň eksporty» ugurlar boýunça daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryna deňeşdirmeleri geçirdiler. Duşuşyk, 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamany ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar