10/21/2024

157

Aşgabatda 25-nji oktýabrdan №70 belgili «Awtokombinat – Gurtly» awtobus ugry üýtgedilýär

Ýolagçy akymynyň ýokarydygyny nazara almak bilen, №70 belgili «Awtokombinat – Gurtly» awtobus ugrunyň üýtgedilýändigini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-den habar berýäris. №70 belgili awtobusyň täze ugry şu köçelerden geçer: «Awtokombinat” bellige alyş nokadyndan çykyp, ol A.Nyýazow şaýoly – Gündogar köçesi – Oguzhan köçesi – N.Andalyp köçesi – Görogly köçesi – Taslama köçesi – Gurbansoltan eje köçesi – Ruhabat köçesi bilen «Gurtly» bellige alyş nokadyna geler. Gaýdyşyn «Gurtly» bellige alyş nokadyndan çykyp, ol Ruhabat köçesi – Gurbansoltan eje köçesi – Taslama köçesi – Görogly köçesi – N.Andalyp köçesi – Oguzhan köçesi – Gündogar köçesi – A.Nyýazow şaýoly bilen «Awtokombinat» bellige alyş nokadyna geler. Bu awtobus ugrunyň üýtgedilmegi ýolagçy akymynyň ýokarydygyny nazara alnyp, paýtagtymyzyň ilatyna edilýän ulag hyzmatyny ýokarlandyrmaklyga we ýolagçy gatnawyny amatlaşdyrmaklyga gönükdirilendir.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar