1/10/2025

24

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal we ýadygärlik nyşany dörediler

9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, geçiriljek çäreler bilen bagly ýurduň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, şeýle hem ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow we Merkezi bankyň başlygy bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmelidigini belledi.

1/18/2025

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumy geçiriler

1/18/2025

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär

1/18/2025

Aşgabatdaky asma ýoluň desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetiriler