10/28/2024

68

2 raýata «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at berildi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmen alabaýlarynyň merkeziniň müdiri Orazmyrat Rejepgulyýewiç Saparowa hem-de Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň “Gyzylgum” daýhan birleşiginiň at çopany, hususy itşynas Begenç Aganýazowiç Hanyýewe Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär. Resminamada bellenilişi ýaly, ady agzalan raýatlar bu sylaga türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk seçgiçiligini ösdürmekde hem-de kämilleşdirmekde, dünýäniň dürli döwletleri bilen itşynaslyk ugrunda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmeti bilen mynasyp boldular.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy