10/28/2024

158

Hytaýda uçýan awtoulaglary öndürýän zawodyň gurluşygyna badalga berildi

Guançžou şäherinde dünýäde uçýan awtoulaglary öndürýän iň uly zawodyň gurluşygyna başlandy. Täze elektrik ulaglary bilen tanalýan Xpeng kompaniýasy howa ulaglarynyň täze neslini döretmek baradaky tutumly taslamany öz üstüne aldy — diýip, gazeta.ru habar berýär. Önümçilik meýdany 180 000 inedördül metre barabar bolan zawod ýylda uçýan awtoulaglaryň 10 müňüsini öndürer diýlip çaklanylýar. Şunuň ýaly awtoulagyň ilkinjisi sentýabr aýynda üstünlikli synaglardan geçen «Gury ýer awia göterijisi» diýen modelidir. Uçýan awtoulaglaryň ösüşi bilen bir hatarda, «Xpeng» kompaniýasy özüniň ýer üsti ulag serişdelerini kämilleşdirmegi dowam etdirýär. «P7+» öňdebaryjy modeli «dünýäde ilkinji emeli aň bilen enjamlaşdyrylan awtoulag» derejesini alar we öňdebaryjy awtonom dolandyryş tehnologiýalaryny hödürlär.

9/5/2025

Türkmenistanyň söwda ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy

9/5/2025

Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer

9/4/2025

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hereketiň depginliliginiň artmagy sebäpli sürüjileri has ünsli bolmaga çagyrýar