7/2/2025

57

R.Meredow Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri Nensi Tembonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda özara ygrarlylyk beýan edildi. Ministrler halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Gepleşikleriň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

7/30/2025

Türkmenistanyň diplomaty GDA-nyň agza döwletleriniň Baş prokurorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

7/30/2025

Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

7/29/2025

Gökdepe şaýolunyň hem-de Keýmir kör şaýolunyň degişli bölekleri açylyp ulanylmaga berilýär