11/1/2024

42

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda milli pul birliginiň — türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär: "Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu baş maksada ýetmekde bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolan bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Ulgama sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyryş ulgamyny ösdürmegiň, işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir. Kabul edilýän milli maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkara derejede-de öz aýdyň beýanyny tapýar. Ata Watanymyzyň durnukly ykdysady ösüşine halkara guramalar tarapyndan oňyn baha berilýär. Hormatly bank ulgamynyň işgärleri! Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplary esasynda bank hyzmatlary hem kämilleşdirilýär. Hasaplaşyklary, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak, howpsuz, tölegleri çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen, elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňeldilýär. Ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly has köp zähmeti talap edýän işler awtomatlaşdyrylyp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, netijeliligi, hili gowulandyrylýar. Şeýle hem milli manadymyzyň ykdysadyýetde dolanyşygy kämilleşýär, tiz pul dolanyşygynyň bolmagy esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu işlere daşary ýurt maliýe guramalary işjeň çekilýär. Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistan dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça derejesine ýetdi. Bu bolsa amala aşyrylýan pul-karz, salgyt, býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijelidiginiň anyk görkezijisidir. Bu ugurda gazanylan netijeleri Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar hem tassyklaýar. Biz geljekde-de ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris. Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin".

12/26/2024

Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça ýük daşamalaryň mukdary görnetin artdy

12/26/2024

2024-nji ýylda iň ygtybarly awtoulaglaryň on sanysy mälim edildi

12/26/2024

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy