8/7/2025
49
BMG-niň Awaza forumynda 300-den gowrak meýletinçi hyzmat edýär
Şu günler Türkmenistanda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna 300-den gowrak meýletinçi hyzmat edýär. Meýletinçiler halkara forumda daşary ýurtly myhmanlara ýolbeletlik, maglumat goldawy ýaly dürli ugurlar boýunça ýardam edýärler. Olar forumyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlary garşylamak, ýoldaşlyk etmek, logistiki meseleleri utgaşdyrmak, iş duşuşyklarynyň guramaçylykly derejede geçirilmegine ýardam bermek hem-de ugratmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, ýurduň baý medeni mirasyny myhmanlara ýetirmekde hem işjeňlik görkezýärler diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Giň möçberli meýletinçiler toparynyň düzüminde birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän talyp ýaşlaryň 300-den gowragy bellenilen ugurlar boýunça hereket edýärler. Olaryň 150-den gowragy Birleşen Milletler Guramasynyň düzümindäki wekillere berkidilip, guramaçylyk işlerine ýardam berýärler.