10/28/2024

31

Daşary ýurt kompaniýalary türkmen suwuklandyrylan gazyny 3,5 million dollara satyn aldylar

TDH-nyň habar bermegine görä, geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Täjigistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 561 müň dollaryndan gowrak bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplük we nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 91 müň manatdan gowrak boldy.

1/18/2025

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumy geçiriler

1/18/2025

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär

1/18/2025

Aşgabatdaky asma ýoluň desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetiriler