10/18/2024

165

UAZ «Patriot» awtoulagy möhüm täzelenmelere eýe bolar

Islendik ýolsuz ýerden geçmäge ukyply UAZ awtoulagy hem daşky görnüşine, şeýle-de tehniki taýdan üpjün edilişine täsir etjek möhüm täzelenmä eýe bolar – diýip, iz.ru saýty habar berýär. Iň soňky maglumatlara görä, «Patriot» awtoulagy «Sollers» kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülen iki litrlik dizel hereketlendirijisi bilen üpjün ediler. Alty tizlikli mehaniki geçirijisi we häzirki zaman elektromehaniki paýlaýjysy bilen bilelikde täze kuwwatly hereketlendirijisi awtoulagy ajaýyp dinamika bilen üpjün eder we onuň islendik ýerden geçme ukyplylygyny ýokarlandyrar. Mundan başga-da, awtoulag yşykdiod optikasyna, täze rul bilen kämilleşdirilen häzirki zaman içki bezegine we döwrebaplaşdyrylan gural paneline eýe bolar. Deslapky maglumatlara görä, onuň ilkinji çykyşy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolar diýlip çaklanylýar.

7/5/2025

Gazagystan serhetde täze düzgünleri girizýär: tölegli ekspress-rugsatnama mümkinçiligi we düzgün bozmalara jerimeler

7/5/2025

Goňşularyň arasyndaky demping: Gazagystan we Gyrgyzystan Russiýanyň ýük daşaýjylarynyň bazaryny elinden alýar

7/5/2025

Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady