7/28/2025

86

Birža söwdalarynda daşary ýurtly işewürler bilen 96 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 96 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, karbamidi satyn aldylar. Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, nah matadyr nah ýüplük, arassalanan nah galyndylary, pagta süýümi ýerlenildi. Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 87 million 107 müň manada deň bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, parafin çig malyny («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, nah ýüplügi satyn aldylar.

8/1/2025

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

8/1/2025

1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobus ugurlary üýtgediler

7/31/2025

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi