8/7/2025
48
Türkmenistanda DÇBÖBD-niň halkara güni ilkinji gezek bellenildi
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, ýörite brifing geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen aýda kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, bu şanly sene şu ýyldan başlap her ýyl belleniler. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hazaryň kenarynda geçirilýän üçünji maslahatynyň dowamynda ilkinji gezek bellenildi diýip, TDH habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary hanym Rabab Fatima Awazada geçirilýän giň wekilçilikli halkara maslahatyň çäklerinde bu taryhy güni dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hyzmatdaşlar bilen ilkinji gezek bellemegiň özi üçin belent mertebe hem-de uly şatlykdygyny aýtdy. Ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan aýratyn zerurlyklaryna hem-de meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekmäge ýardam berjek bu şanly waka bilen hemmeleri gutlap, Rabab Fatima Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, öňde durýan wezipeleri çözmek üçin hyzmatdaşlyk köprülerini gurmaga hem-de bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Brifingde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bu halkara güni ilkinji gezek bellemegiň Türkmenistan üçin uly hormatdygyny aýtdy. Çykyş edenler durnukly ösüşiň, geografiýa taýdan ýerleşýän sebitine garamazdan, ähli ýurtlaryň ählumumy hukugy bolmalydygy baradaky pikiri beýan edip, yglan edilen bu halkara güni diňe bir habarlylyk üçin däl-de, has ýakyn köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere zerur bolan halkara goldawy we maýa goýumlary üpjün etmek üçin peýdalanmaga çagyrdylar. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününiň ilkinji gezek baýram edilmeginiň raýdaşlyga we jebislige esaslanýan täze gatnaşyklara badalga berjekdigine ynam bildirip, brifinge gatnaşyjylar diplomatiýanyň diňe bir resmi beýannamalar we gepleşikler arkaly amala aşyrylman, ozaly bilen, medeniýetleriň dialogy hem-de özara gatnaşyklar bilen herekete getirilýändigini bellediler.