8/5/2024

359

«Mercedes-Benz» ýarymawtomat awtoulaglaryny Pekinde synag etmek üçin rugsat aldy

«Mercedes-Benz» kompaniýasynyň resmi metbugat beýanyna salgylanýan «CnEVPost» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, bu nemes awtoulag öndürijisi SAE derejesine laýyklykda, awtonomlygyň dördünji derejesine gabat gelýän işjeň sürüjä kömek ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ulaglaryň synagy üçin Hytaýyň hökümetinden rugsat aldy. Awtomatlaşdyrmagyň bu görnüşi ulagdaky ýagdaýlaryň köpüsinde özbaşdak hereket etmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar we diňe käbir ýagdaýlarda sürüjiniň gözegçiligini talap edýär. Has ýokary awtomatlaşdyrma bolan bäşinji derejede sürüjiniň gatyşmagy asla talap edilmeýär. «Mercedes-Benz» Hytaýda şeýle synaglary geçirmek üçin rugsat alan ilkinji daşary ýurt awtoulag öndürijisi boldy. Bu brendiň prototipleri çepe hem-de öwrümleri özbaşdak ýerine ýetirip, päsgelçiliklerden gaça durup, awtoulag duralgasyndan çykyp, şol ýerde ýerleşmegi amala aşyryp biler. Şäher ýakasyndaky ýollarda hereketiň barşynda öňdäki ulag haýallamak kararyna gelse, awtomatlaşdyryş ulgamy «Mercedes-Benz» awtoulagyna sazlaşykly ýagdaýda ozup geçmäge we zolaklary üýtgetmäge mümkinçilik berer. Tölegli ýollarda bolsa awtoulag päsgelçilikleriň öňünde haýallar we töleg ýygnamak nokatlarynda özbaşdak hereket edip biler. Ýol hereketiniň ýagdaýy gaty kynlaşsa, awtomatlaşdyrma awtoulagy saklamak we haýallatmak üçin ygtybarly ýer tapar.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy