1/10/2025

87

2025-nji ýylda çäreleri geçirmek bilen bagly zerur maliýe işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer H.Geldimyradowa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli öňde boljak çäreleri geçirmek bilen bagly zerur maliýe işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün etmegi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowa bolsa ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek çäreleriň guramaçylyk meselelerine zerur bolan ýardamy bermegi tabşyrdy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň 9-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde aýtdy.

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy

7/1/2025

Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisine gatnaşýar

7/1/2025

Bilermen: 2025-nji ýylda dörän amatly ýagdaýda-da Russiýada täze tirkeg çekijiler 26 müňden köp satylmazdy