4/12/2025

47

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň sergisi guralar

Maý aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň sergisi guralar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hasabatda aýdylmagyna görä, sergi iki dostlukly ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny has-da artdyrmak, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen goňşy ýurduň işewürlerini we sarp edijilerini giňişleýin tanyşdyrmak maksady bilen geçiriler. Oňa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň eksporta niýetlenen harytlary bilen gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny, Eýran Yslam Respublikasynyň hem ýakyn hyzmatdaşlyk edilýän döwletleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň sergisini geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

7/4/2025

Serdar Berdimuhamedow Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

7/3/2025

Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenkony Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

7/3/2025

Prezident Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişe häzirden taýýarlyk görmegi tabşyrdy