4/14/2025

37

5-8-nji awgust aralygynda Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 11-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Oňa laýyklykda, Baş Assambleýa tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny şu ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

7/2/2025

Türkmen wekiliýeti Marokko Patyşalygynda saparda boldy

7/2/2025

DIM: Şwesiýanyň kazyýeti MTS-iň Türkmenistana bolan ähli talaplaryny ret etdi

7/1/2025

Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümi uly islege eýe boldy