Biz barada

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy 1962-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Aşgabatdaky awtoulag önümçilik tresti hökmünde döredilen.

Häzirki wagtda Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan haryt dolanyşygynyň giňemegini, söwdalaryň artdyrylmagyny, harytlaryň we ýükleriň erkin hem-de päsgelçiliksiz daşalmagyny üpjün etmek maksady bilen ýük awtoulaglarynda ýük daşamak hyzmaty alnyp barylýar.

Kärhanamyz dürli görnüşdäki ýükleri ýurdumyzyň islendik künjegine tiz wagtda eltip bermekde ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar.