Türkmenistan we Owganystan üstaşyr ýük daşamakda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Owganystan üstaşyr ýük daşamakda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün — 23-nji maýda Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň, Owganystanyň Ulag ministrliginiň, gümrük, söwda, nebit we gaz edaralarynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa, serhet we gümrük gulluklarynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistandan eksport edilýän nebit we gaz önümlerini Owganystanyň çäginden üstaşyr daşamaklygy ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem okaň