
Öňem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli bolan Aşgabatdaky awtoulag kärhanamyz özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanamyz häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan ýük dolanyşygynyň erkin hem-de päsgelçiliksiz daşalmagyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýär. Şol sebäpli kärhanamyz tarapyndan ýük daşamak hyzmaty ýokary derejede alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň islendik künjegine kärhanamyz dürli görnüşdäki ýükleri tiz wagtda eltip bermekde ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Ol Türkmenistanyň islendik künjegine ýüki päsgelçiliksiz eltip, islegleri doly kanagatlandyrmakda oňyn işleri durmuşa geçirýär. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilip, kärhanamyzyň awtoulaglarynyň düzümi yzygiderli baýlaşdyrylyp durulýar.
Kärhanamyz ýüki barmaly nokadyna tiz eltip bermek maksady bilen her müşderi üçin amatly ugur düzüp, gerekli resminamalary taýýarlamakda hem ýardam berýär.
Ýük daşamaklygyň tölegi awtoulagyň edýän hereketine görä bahalandyrylýar. Giňişleýin maglumatlary saýtymyzyň «Hyzmatlarymyz» bölüminden okap bilersiňiz.
Biziň kärhanamyzyň salgysy: Aşgabat şäheriniň A.Gönibekow köçesiniň 70-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: +99312760436 / +99312760486. Şeýle-de ashauk.gov.tm salgydaky resmi web-sahypamyzyň «Habarlaşmak» bölüminiň üsti arkaly kärhanamyza elektron hat ýollap bilersiňiz.
Biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanyň! Hyzmatlarymyz siziň islegleriňizi doly we dogry kanagatlandyrmakdan, wagtyňyzy tygşytlamakdan we mümkinçilikleriňizi artdyrmakdan ybaratdyr.
Ýüz tutmak — sizden, awtoulag hyzmatlaryňyzy kanagatlandyrmak — bizden, mähriban ildeşler!