Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport ulagyny synagdan geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport ulagyny synagdan geçirdi

Düýn, ýekşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabatda ýerleşýän Sport-ulag merkezine bardy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkeze täze gelip gowşan sport ulaglaryny synagdan geçirdi. Täzeçil tehnologiýalar we häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen sport ulaglarynyň tizlik we oňaýlylyk babatda birnäçe artykmaçlyklary bar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine täze gelip gowşan häzirki zaman sport ulaglarynyň özboluşly aýratynlyklary, olaryň sport ulaglaryna mahsus derejeli enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sport maksatly ýöriteleşdirilen ulagyň tehniki häsiýetlerinden, aýratyn-da, tizligi artdyrmagyň mümkinçiliklerinden we onda sürüji üçin döredilen şertlerden peýdalanyp, awtoulag sportuna ýöriteleşdirilen meýdançasynda birnäçe aýlawlary ýerine ýetirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy awtomobil sporty boýunça ýokary halkara görkezijilere laýyklykda enjamlaşdyrylan täze sport ulaglarynyň ýene-de biriniň tizligini, onda üpjün edilen mümkinçilikleri synagdan geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulaglarynyň ähli görkezijilerine ýokary baha berdi.

Şeýle hem okaň